Arkadag gurduran binalary bar

17 Fewral 2021
1576

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäheri günsaýyn gözelleşýär, täze keşbe eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň Permany bilen, Aşgabat şäheriniň gününiň döredilmegi we onuň her ýylyň 25-nji maýynda umumymilli baýramçylyk hökmünde bellenilip geçilmegi biziň her birimizi buýsandyrýar.

Kaşaň ymaratlar, aýna ýaly tämiz giň köçeler, gök öwsüp oturan baglar, hoşboý ysly güller, ýadygärlik toplumlary, serhowuzlar, suw çüwdürimlerini synlan her bir adamda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Şonuň üçin hem Aşgabada myhman bolan daşary ýurtlularyň her biri ilkinji sözüni Aşgabadyň owadanlygyndan, tämizliginden başlaýar. Merkezi Aziýanyň merjenine öwrülen türkmen paýtagtynyň dünýä derejesinde ykrar edilmegi biziň her birimiziň kalbymyzda buýsanç duýgusyny döredýär. Indi ençeme ýyl bäri gözel şäherimiz Aşgabat halkara maslahatlarynyň, köpugurly sergi-ýarmarkalaryň, ylmy-amaly maslahatlaryň, döredijilik festiwallarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi.

Hajarbibi HANDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň hünärmeni.