Dünýä ýaly gadymy senet(oçerk)

4 Fewral 2021
1754

Gazakbaý mugallym diýseň, belki, tanamazlyklary mümkin, «Gazakbaý öýçi ussa» diýseň welin, ony bu jelegaýlarda tanamaýan ýokdur.

Halkymyz eli hünärli adamlara uly hormat goýýar. Onda-da öý gurmak, köpri salmak, bag ekmek ýaly işi pirli, sogap iş hasaplaýarlar. Şeýle sogaply işe yhlasyny siňdirip, ata-babalarymyzyň sungat derejesine göteren ak öýleri ýasamak senedini mynasyp dowam etdirýänleriň biri hem Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň ýaşaýjysy Gazakbaý Dirrikowdyr. Onuň ýasaýan ak öýleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň dabaraly toý-baýramlaryny bezeýär. Bu gadymy senedi geljekki nesillere aýawly ýetirmek ýaly haýyrly işe baş goşan Gazakbaý aganyň Gurbanmät Rejepmädow, Annamät Dirrikow, Rejepmät Soltanmyradow ýaly şägirtleri häzirki wagtda ussat öýçi ussa hökmünde halkyň nazaryna düşmegi başardylar.

Gurban GURBANOW,
«Daşoguz habarlary» welaýat gazetiniň uly habarçysy.