Halkymyzyň buýsanjy

4 Fewral 2021
1561

Her millete mahsus ilkinji aýratynlyklaryň biri onuň dilidir. Dil ýaşasa, millet ýaşaýar. Dil baýlaşsa, millet baýlaşýar. Ene dilimizi ösdürmek milliligimizi berkitmegiň bir serişdesidir. Şonuň üçin ata-babalarymyz taryhyň dowamynda ene dilimize iňňän uly sarpa goýupdyrlar. Mundan müň ýyl töweregi ozal ýaşap geçen türkmen alymy Mahmyt Kaşgarlynyň «Türki dilleriň diwany» atly ajaýyp eseri türkmen diliniň baý taryhyndan söz açýar.

Hormatly Prezidentimiz söze baý milli dilimiz hakda: «Biziň dilimiziň örän gadymy kökleri bar. Gadymy kökler bolsa hemişe geljek üçin giň mümkinçilikleri açýan ygtybarly esas bolup durýar» diýip belleýär.

Merjen RAHMEDOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.