Ene — terbiýe mekdebi

2 Fewral 2021
3282

Ene — ynsan üçin iň mähriban adam.Mähriban sözüni enä ýanap sözleseň, örän mähirli we mylaýym eşidilýär. Çaga — perzent terbiýesinde, onuň ruhy we ahlak dünýäsiniň kemala gelmeginde enäniň täsiri uly. Elbetde, maşgala terbiýesinde ata hem uly jogapkärçilik çekýär, ýöne enäniňki welin diýseň ýokarydyr. Ene—terbiýäniň binýady.Eneler özleri üçin ýaşamaýarlar, olar hemişe perzentleri üçin ýaşaýarlar.

Ynsan çagalykdan, heniz gundagdaka, ýok, ene göwresindekä onuň mährini bilip, duýup ýaşaýar. Heý, ömrüňizde bir gezek göwresindäki perzendi bilen gürleşýän enäni synlap, onuň geljekki perzendine aýdýan mähirli sözlerini diňläp görüpdiňizmi? Eger şeýle pursadyň şaýady bolmak miýesser eden bolsa, onda özüňizi şol enäniň bagtyna şärik duýansyňyz. Ynsana mähremlik enäniň hüwdüsi, mylaýym elleriň sypalamasy bilen geçýär. Çaga heniz agy-garany saýgarmanka-da öz ejesini tanaýar. Bu jedelsiz hakykatdyr.

Narmuhammet KAKABAÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy, žurnalist.