Edep-terbiýäniň gözbaşy

21 Ýanwar 2021
2027

Milli terbiýeçilik mekdebimiziň taryhy köklerini, ýol-ýörelgelerini açyp görkezýän hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň çapdan çykyp, halkymyza gowuşmagy buýsanjymyzy artdyrdy. Kitapda halkymyza mahsus bolan milli ýörelgelerimiziň üsti bilen ýaş nesilde watansöýüjilik, ynsaplylyk, zähmetsöýerlik, rehimdarlyk, ylymly-bilimli bolmak, hünär edinmek ýaly ajaýyp häsiýetleri terbiýelemegiň ýollary beýan edilýär.

Türkmen halkynyň çaga bolan söýgüsi çäksizdir. Çaga maşgalanyň başynyň täji, gözüniň guwanjydyr. Bu barada “Paýhas çeşmesi” atly kitapda: “Bal süýji, baldan-da bala”, “Balaly öý bazar, şowhuny köňül ýazar” ýaly nakyllar getirilýär. Ata-babalarymyz “Çagany — ýaşdan, edebi — başdan” diýip, çaga bolan söýgüsini onuň edep-terbiýesi bilen baglanyşdyrypdyr.

Güýçmyrat SOLTANMYRADOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.