Sen tapmaça çözýärmiň?

18 Ýanwar 2021
7342

Tapmaça çözmek boş wagtyňy gyzykly geçirmegiňe ýardam edýär. Ondan başga-da, tapmaça çözmekligiň ähmiýetli taraplary köpdür. Has takygy, edil fiziki türgenleşikde adam bedenindäki myşsalaryň ösüşi ýaly, tapmaçalar hem aň-beýni ulgamynyň kämilleşmegini, ýatkeşligiňi has-da gowulandyrýar.

Eger adam çylşyrymly meseleleri çözmek bilen beýnisini yzygiderli türgenleşdirýän bolsa, onuň aň işjeňligi öňküsinden has ýokarlanyp başlaýar. Tapmaça çözmek hem edil şol usula görä, beýni üçin ýerine ýetirilýän maşk kysmy bir hereketdir. Bedenterbiýe maşklaryndaky her hereketiň belli bir beden agzasyna täsir edişi ýaly, dürli görnüşli tapmaçalar hem beýniniň dürlüçe böleklerini ösdürmäge ýardam edýär. Mysal üçin, «Towşanjyga käşiri almaga kömek et!» diýen ýaly labirintli tapmaçalar giňişlikde ugur kesgitlemegi öwredip, nätanyş şäherlerde ýa-da sähradyr tokaýda azaşmazlygy öwredip biler. Galyberse-de, şeýle tapmaçalar kiçijik çagalaryň barmaklarynyň işjeňligini artdyrýar.

Rahman RAHMANOW,
S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.