«Maksatlar myrat tapyp, bagta ulaşsyn dünýä!»

13 Dekabr 2024
178

Täze taryhy döwrümizde ýurdumyz sebitde hem-de dünýäde, döwletleriň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklarda parahatçylyk medeniýetini ilerletmäge aýratyn ähmiýet berip, bu babatda möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Her ýylyň 12-nji dekabrynda milli senenamamyzda möhüm orun alan Halkara Bitaraplyk gününiň giňden bellenilip geçilmegi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatymyzyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 46-njy mejlisinde Milletler Bileleşiginiň doly hukukly agzalygyna saýlanmak bilen, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça bu gurama bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda guramanyň Baş Assambleýasynda Bitaraplyk babatda ilkinji resminama kabul edilip, Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet boldy. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda bolsa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama 193 döwletiň goldamagynda ikinji gezek kabul edildi. Bu resminama ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen ýeke-täk döwlet bolmagynda galýandygyny ýene bir gezek aýdyňlygy bilen subut etdi.

Käbe KULIÝEWA,
Lebap welaýatynyň Darganata etrabyndaky 5-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi.