Belent ykrarly Watan

13 Dekabr 2024
211

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ajaýyp wakalarynyň üstüni ýetiren şanly sene — Halkara Biataraplyk güni tutuş ýurdumyzda we halkara derejesinde giňden dabaralandyryldy. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy umumadamzat ýaşaýşynyň gymmatly ýörelgelerini özünde jemleýändigi bilen has ähmiýetlidir, gudratlydyr, mizemezdir. Şonuň üçin baky Bitaraplyk hakyndaky ajaýyp söhbetler diňe bir günüň ýa-da bir ýylyň gürrüňi däldir, eýsem, ol asyrlaryň, döwürleriň, zamanlaryň, eýýamlaryň baky öçmez belent mukamydyr, parahatçylygyň hoş owazly nagmasydyr.

Baky berkararlygyň binýady