Gadymyýetden galan yzlar

27 Noýabr 2024
263

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistanyň orta asyr şäherleriniň we Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyny öwrenmäge, ýazuw çeşmelerini we arheologik maglumatlary seljermäge aýratyn üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher pähiminden dörän «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly iki jiltden ybarat ensiklopedik kitaby şöhratly taryhymyza sarpa goýýanlaryň ýankitabyna öwrüldi.

Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Köýtendag sebitinde orta asyrlarda joşgunly durmuş dowam edipdir. Muny sebitde henize çenli saklanyp galan gadymy ýadygärlikleriň yzlary-da tassyklaýar. Köýtendag sebitiniň taryhy-medeni ýadygärlikleri arheologlar tarapyndan yzygiderli öwrenilip gelindi. Taryh ylymlarynyň kandidaty A.Baltaýew ylmyň häzirki ösüş tapgyrynda Amyderýanyň Kerki — Kerkiçi geçelgesi bilen Köýtendagyň arasyndaky taryhy-medeni ýadygärlikleri geografik ýerleşişi boýunça üç sebite bölüp öwrenmek hem-de olary «Kerkiçi — Köýtendag etrap merkeziniň arasyndaky taryhy-medeni ýadygärlikler», «Köýtendag etrap merkezi — Garlyk — Gurşun magdan käni şäherçesi aralygyndaky taryhy-medeni ýadygärlikler» hem-de «Köýtendag etrap merkezi — Kelif şäherçesi aralygyndaky taryhy-medeni ýadygärlikler» diýip, şertli atlandyrmagyň maksada laýykdygyny belleýär.

Oral TEMIROW,
Köýtendag etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy, mirasgär.