Nur paýlaýan des­ga­lar

2 Noýabr 2024
265

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz­da elekt­roe­ner­ge­ti­ka pu­da­gy­ny ös­dür­mek­de hem mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Şun­da bi­te­wi hal­ka­la­ýyn ener­goul­ga­my dö­ret­mek bo­ýun­ça üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­an giň möç­ber­li tas­la­ma aý­ra­tyn nyg­tal­ma­ga my­na­syp­dyr. Bu ugurdaky iş­ler ilat­ly ýer­le­ri elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len yg­ty­bar­ly üp­jün et­mä­ge, dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şiň mö­hüm we­zi­pe­le­ri­ni çöz­mä­ge, türk­men elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny da­şa­ry ýurt­la­ra eks­port et­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gi­ňelt­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.

Şo­nuň bi­len bag­ly ta­gal­la­lar Ahal we­la­ýa­tyn­da­ky Ahal we Der­we­ze döw­let elekt­rik stan­si­ýa­la­ry­nyň işin­de-de anyk be­ýa­ny­ny tap­ýar. Bu elekt­rik stan­si­ýa­la­ry Ak bug­daý et­ra­by­nyň çä­gin­de ýer­le­şip, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň bu pu­da­gy­nyň ne­ti­je­li we döw­re­bap ösü­şin­de my­na­syp orun eýe­le­ýär. 2015-nji ýyl­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň gat­naş­ma­gyn­da da­ba­ra­ly ýag­daý­da işe gi­ri­zi­len Der­we­ze döw­let elekt­rik stan­si­ýa­sy paý­tag­ty­my­zyň we ýur­du­my­zyň se­bit­le­ri­niň ila­ty­ny elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len bök­denç­siz üp­jün et­mek­de gu­wan­dy­ry­jy iş­le­ri alyp bar­ýar. Hä­zir­ki za­ma­nyň iň kä­mil teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan elekt­rik stan­si­ýa­sy kuw­wat­ly gaz ­tur­bi­na des­ga­la­ry­nyň dör­dü­si­ni öz içi­ne al­ýar. Olar bir gi­je-gün­diz­de 12 mil­lion ki­lo­wat sa­gat elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny ön­dür­mek müm­kin­çi­li­gi­ne eýe­dir. Bu ýer­dä­ki gaz ­tur­bi­na­la­ryň daş­ky gur­şa­wa zy­ýan­ly ga­lyn­dy­la­ryň möç­be­ri­niň azal­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­ýän­di­gi­ni aý­ra­tyn bel­le­mek ge­rek.

Aý­do ŞE­KE­ROW.
«Türk­me­nis­tan». Su­ra­ta dü­şü­ren aw­tor.