Gawunyň peýdasy

8 Oktýabr 2024
430

Gawun şekere, witaminlere baý bolanlygy üçin, halk arasynda iň gymmatly azyk önümleriniň biri hasap edilýär. Gawun öz düzüminde adam bedenine aňsat özleşdirilýän uglewodlary, esasan-da, şekeri (fruktozany, saharozany), witaminleri (aýratyn-da, C witaminini), askorbin kislotasyny köp saklaýandygy üçin, ol iň oňat iýmitleriň biridir.

Gawunyň miwesinden gawun baly, kak, sök, toşap, marmelad, mürepbe, doňdurma, krem ýaly azyk önümleri ýasalýar. Çigidinden alnan künjarasy bolsa halwa we beýleki konditer önümlerini öndürmek üçin peýdalanylýar. Bulardan başga-da, gawun adam bedenine gerekli peýdaly elementler bolan kalini, kalsini, natrini, magnini, demri, fosfory, kükürdi ýeterlik derejede saklamaga ukyplydyr.

Eset ÖWÜLÝAGULYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.