«Köşekli düýe beräý»

8 Oktýabr 2024
434

Türkmen halkynyň arasynda ulanylýan durnukly söz düzümleri özbaşyna uly bir hazyna. Olary içgin öwrenip göreniňde şol durnukly söz düzümleriniň haýsam bolsa bir waka ýa-da ahwal bilen baglanyşykly ýüze çykandygyna göz ýetirýärsiň.

Durmuşda käte biriniň wajyp, zerur ýumşuny ýerine ýetirip beren adama, şol ýumşy tabşyran kişi hoşallyk bildirip, «Näme bereýin, seniň bu eden işiň muzdy näçe?» diýip soraýýar. Ýumşy bitiren bolsa, «Köşekli düýe beräý» diýýär. Ýumşy bitirilen kişi oňa hiç bir zat bermän, halk arasynda dowam edip gelýän ýörelgä görä, «Onda, Taňryýalkasyn!» diýip, hoşallygyny bildirýär. Şeýlelikde olaryň ikisem razy bolýarlar.

Salyhmuhammet HOMMADOW,
Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň müdiri, mirasgär.