Baş baýrama özboluşly sowgatlar

30 Sentýabr 2024
404

Milli senenamamyzyň iň naýbaşy baýramçylygy — Garaşsyzlyk güni tutuş ýurdumyzda giň gerimde bellenildi. Il-ulsumyz bilen birlikde, dünýä jemgyýetçiligi hem bu baýramyň şatlygyna goşuldy. Soňky ýyllarda dostlukly döwletlerde iri şäherleriň belent başly binalaryny Türkmenistanyň Döwlet tugunyň ýalkym saçýan şekilinde bezäp, türkmen halkyny milli baýramy bilen gutlamak asylly däbe öwrüldi. 27-nji sentýabrda bellenilen Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli bu däp Russiýa Federasiýasynda, Türkiýe Respublikasynda dowam etdirildi.

Garaşsyzlygymyzyň şanly toýunyň bellenilen gününde Moskwanyň Täze Arbat köçesinde ýerleşýän meşhur «kitap öýüniň» türkmen baýdagynyň şekilinde şöhle saçmagy arkaly Russiýa Federasiýasynda halkymyzy özboluşly baýramçylyk sowgady bilen gutladylar. Binanyň ýüzündäki al-ýaşyl reňkli çyralar ýarygijä çenli şöhlelenip, türkmen we rus halklarynyň dostlugynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Moskwa şäher häkimliginiň bu çözgüdi simwoliki mana eýe bolup, Türkmenistanyň hem Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan strategik hyzmatdaşlyga ygrarlylygy nobatdaky gezek tassyklady.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».