Bagtdan paýly, toýdan serpaýly

25 Sentýabr 2024
331

Garaşsyzlyk kalby Garagum sährasy ýaly giň, sabyrly we sahawatly halkymyzyň baky bagtynyň, erkinliginiň kepili, Watana bolan çäksiz söýgüsiniň beýik aňlatmasy bolup dabaralanýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallasy bilen Garaşsyzlykdan galkynan döwletimiz bu gün ykdysady, syýasy, medeni we beýleki ugurlarda ösüşleriň belent sepgitlerine ýetip, türkmen halky eşretli günleriň hözirini görýär, bagtyýar döwrümize, berkarar döwletimize guwanyp we buýsanyp ýaşaýar. Mähriban halkymyz eziz Diýarymyzyň mundan beýläk hem öňe gidip, ösüşiň täze sepgitlerine ýetmegi üçin agzybirlikli zähmetiň nusgasyny görkezýär.

Her ýylda bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem Garaşsyzlyk baýramyna ýurdumyzda uly taýýarlyk görüldi. Her bir raýat öz iş ornunda Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyna zähmet sowgady bilen barmagy maksat edindi. Ähli pudaklarda gazanylýan ýokary görkezijileriň şaýady bolanyňda, bu maksada ýetilendigine aýdyň göz ýetirýärsiň. Bu zähmet üstünlikleri, baş baýramymyz mynasybetli guralýan dabaraly çäreler bolsa merdana hem zähmetsöýer halkymyzyň bagtdan paýly, toýdan serpaýly milletdiginiň subutnamasy bolup durýar.

Sähragül AŞYROWA,
welaýat prokuraturasynyň kazyýet kararlarynyň kanunylygyna gözegçilik bölüminiň uly prokurory, ýustisiýanyň geňeşçisi.