Baky beýik bagtymyz

25 Sentýabr 2024
361

Päk asmanda ak kepderiniň erkana uçmagy asudalygyň, erkinligiň, baky bagtyň alamaty hasaplanylýar. Diýmek, inkär edip bolmajak bir hakykat bar, ýagny şahyr aýtmyşlaýyn, Garaşsyzlyk — garaşdyran kepderi!

Abadan ýurdumyzyň durmuşyndaky ösüşleriň özeninde mukaddes Garaşsyzlygymyz bilen birlikde, Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur paýhasy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehinine ýugrulan nusgalyk işler bar. Şeýlekin eşretleriň hak eýesi bolan halkymyzyň ümzügi islendik babatda ileridir. Matematikanyň takyklygyndaky san jähetden alanyňda 33 ýaşy tegelän Garaşsyzlygymyz, ýyllar geçdigi saýy durmuş babatdaky pikirlerimize aýratyn öwüşgin çaýdy. Ony milli däp-dessurlarymyzyň dikeldilmegi, ençeme ulgamlarda ägirt uly üstünlikleriň gazanylandygy bilen delillendirip bolar.

Begenç ANNAÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, «Esger».