Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY

25 Sentýabr 2024
395

Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň jemleri hakynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işleriň, agzybir halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, milli däp-dessurlarymyzyň, gadymy gymmatlyklarymyzyň, özboluşly medeni mirasymyzyň ähmiýetini çeper şöhlelendirýän döwrebap, kämil eserleri döredendikleri, medeni-köpçülikleýin çärelerde, baýramçylyk dabaralarynda üstünlikli çykyş edendikleri, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmäge goşant goşandyklary üçin we bäsleşigiň ýeňijilerini seçip almak boýunça toparyň towakganamasyny nazara alyp, şeýle hem ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin: