Döwletli maslahat: nurana geljegiň hatyrasyna beýik tutumlar

24 Sentýabr 2024
481

Türkmen halky üçin «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji sentýabry taryhy gün bolar. Çünki şol gün mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyz Aşgabatda, Maslahat köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi eziz Watanymyzyň, agzybir halkymyzyň geljekki ösüş ýoluny kesgitleýän täze tutumlara badalga berdi, ildeşlerimiziň kalbyny täze döredijilik ylhamy bilen bezedi. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri amala aşyrmagyň ileri tutulýan wezipelerine garaldy. Bu taryhy mejlise Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine girýän döwlet häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalary, hormatly ýaşulular, ýurdumyzyň ähli sebitlerine wekilçilik edýän jemgyýetçilik wekilleri, beýleki çagyrylan adamlar gatnaşdylar. Mejlisde Gahryman Arkadagymyzyň maksatnamalaýyn çykyşynyň ähli halkymyz tarapyndan ruhubelentlik bilen garşylanmagy agzybirligiň uly güýçdügine ynanyp, gurýan, döredýän, halal zahmet çekip, rehnedini görýän halkymyzyň ýürek joşgunyny alamatlandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mejlise gatnaşyjylary we olaryň üsti bilen ýurdumyzyň ähli halkyny Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli gutlamagy, hemmelere berk jan saglyk, bagtyýar durmuş, eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlyk binýadyny has-da pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etmegi bolsa, ildeşlerimizi egsilmez ruhy galkynyş, ösüşler ýolunda diňe ýeňişleriň ýar bolýandygyna synmaz ynam bilen joşdurdy. Çünki geçilen ýollardaky gazanylan üstünlikler, geljek döwür üçin kesgitlenilen maksatlar, öňde goýlan wezipeler halkymyzyň, eziz Watanymyzyň ösüşleriniň, abadançylygyň, bagtyýarlygyň üznüksiz zynjyryny emele getirip, dowamat-dowam tapýandygyna şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň zähmetde öz gazanan üstünlikleri bilen tapawutlanan ýurdumyzyň raýatlaryny Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda resminamalara gol çekmegi jemgyýetde täze ruhubelentlik ýagdaýyny döretdi. Bu döwletimiz tarapyndan il-gün, Watan üçin halal zähmet çekýän adamlaryň hemişe beýik sarpa mynasyp bolýandygyny ýene bir gezek alamatlandyrdy.

Züleýha ORAZOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.