Halkymyzyň milli buýsanjy

24 Sentýabr 2024
520

Şu günler ähli halkymyz şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýuny uludan toýlaýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Watanymyzyň beýik ösüşleri rowaçlanýar, toý-baýramlara sowgatly barylýar. Şonuň üçin hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze binalar, desgalar, ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanmaga berildi. Bularyň ählisi şu günki günümizde şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýuna ajaýyp sowgat boldy. Ildeşlerimiz şanly baýram bilen bilelikde jaý toýlaryny toýlaýarlar, bagtyýarlygyň ajaýyp miwesini görýärler.

Täze taryhy eýýamyň ruhuna laýyk gelýän şanly seneler göwünleri galkyndyryjy dabaralara beslenip toýlanýar. Ösüşleri nazarlaýan ýurdumyzda bellenilip geçilýän her bir baýramy agzybirlikde, mynasyp üstünlikler bilen garşylamagy asylly däbe öwren halkymyz bu ýörelgä eýerýär hem-de ýurdumyzyň ösüşine buýsanýar. Mukaddes Garaşsyzlyga buýsanmak we ýaş nesillerde watansöýüjiligi kemala getirmek asylly ýörelgämize öwrülýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Ýaşlarymyz Watanymyzy, Garaşsyzlygymyzy hem Bitaraplygymyzy başlarynyň täjine deňemelidirler». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ýaşlarymyz milli ruhda terbiýelenýär, olar milli ýörelgelerimize ygrarly, watansöýüji ýaşlar bolup kemala gelýärler.

Myrat BATYRJANOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.