Ülkämiziň toý saçagyna

24 Sentýabr 2024
723

Mundan dört ýyl ozal «Wilanta,s» haryt nyşanly şöhlat önümleriniň öndürilip başlanandygy baradaky habar hem Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň arasynda dilden-dile geçdi. Tejribeli telekeçi Sergeý Kulýapiniň ýolbaşçylygynda açylan söwda-önümçilik merkeziniň täze önümlerine bolan isleg gün-günden artyp, telekeçileriň asylly işleriniň owazasy welaýatdan alyslara ýaýrady. Ýurdumyzyň gündogar sebitinde döredijilik saparynda bolanymyzda, welaýatyň işewürleriniň Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli taýýarlaýan zähmet sowgatlary bilen gyzyklandyk. Şonda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary Merdan Nowruzow bizi ýokary hilli, ekologik taýdan arassa şöhlat önümlerini öndürip, il arasynda adygan «Wilanta,s» söwda-önümçilik merkezine alyp bardy.

Önümhana dükanyň üsti bilen geçmeli bolansoň, ilki ol ýerde ýola goýlan söwda işleri bilen tanyşdyk. Dükanyň mähellesi ýetik eken. Tekjelerde we sowadyjylarda şöhlat önümleriniň dürli görnüşleri rejelenip goýlupdyr. «Altyn kenar», «Altyn açar», «Arkaç», «Awçy», «Köýtendag», «Daşrabat» diýlip atlandyrylan şöhlatlaryň kakadylan, gaýnadylan görnüşleri bar. Biz bu ýerde söwda-önümçilik merkeziniň tehnology Nariman Ysmaýylow bilen gürrüňdeş bolduk.

Keýik UMAROWA.
«Türkmenistan».