Maryda türkmen-eýran amaly-haşam we mozaika sungatynyň sergisi açyldy

15 Dekabr 2023
783

Mary, 14-nji dekabr (TDH). Şu gün Mary welaýatynda Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň amaly-haşam we mozaika sungatynyň bilelikdäki sergisi öz işine başlady.

Ýurdumyzyň daşary döwletler bilen dostlukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýän daşary syýasat ugry esasynda şeýle çäreleriň aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyny bellemek gerek. Munuň aýdyň mysaly hökmünde ynsanperwer ulgamda däp bolan türkmen-eýran gatnaşyklaryny görkezmek bolar. Bu gatnaşyklar taryh, medeni taýdan umumylyga eýe bolan türkmen we eýran halklarynyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge çalyşýandyklaryny görkezýär. Şu gezekki çäre ýurtlaryň köpugurly hyzmatdaşlygynyň giňeldilmeginde nobatdaky ädimdir. Munuň özi halklarymyzyň parahatçylykly durmuşyna, durnukly ösüşine we abadançylygyna ýardam edýär.

Surata düşüren Şamyrat AMADOW.