Tüýs ýü­rek­den ýyl­gyr­ma­ga 10 se­bäp

16 Fewral 2022
1179

«Ýylgyryş ýönekeý bir egri çyzyk bolsa-da, ähli zady göneldýändir» (Fillis Diller)

Durmuşda her bir zat bolup bilýär. Bolýan zatlaryň hemmesi hem ýakymly diýip bolanok. Biziň beýleki adamlaryň goldawyna mätäç bolýan pursatlarymyz az däl. Daş-töwerekdäkileriň beren sähelçe ýardamy adamyň göwnüni seýikleýär, kynçylyklary ýeňip geçmäge güýç berýär, durmuşyň hemme synaglaryny ýüzbe-ýüz garşylamaga hem-de baş alyp çykmaga kömek edýän ynam bagyşlaýar. Ýöne şunuň ýaly oňyn täsirleri hökman daş-töwerekden almaly diýlen zat barmy?! Olary özüňde toplabam, beýlekilere-de sahylarça eçilip hem bolýandyr. Bu bolýan zatmy diýýärsiňizmi? Elbetde, bolýar! Biziň her birimiz durmuşda bolýan islendik zadyň bähbitli tarapynyň bardygyna pugta ynanýan we şol bähbidi görmegi başarýan ruhubelent bolup ýaşamagy başaryp bilýäris. Munuň üçin ýüregi ýuka dost-ýarlaryň, hemişe kömege geljek ökde psihologyň ýanyňy alyp durmagy, eliňi uzadan ýeriňde kofedir dermanlaryň boldan tapdyryp durmagy hökman däl. Munuň üçin diňe bir zat — hemişe ýylgyryp ýaşamagy öwrenmeklik gerek!

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Çynar NURMYRADOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň psihologiýa hünäriniň talyby