Ählumumy zähmet baýramçylygy

17 Maý 2021
2107

Gözel paýtagtymyz ýylyň ähli paslynda ýaşyl öwüsýän baglary bilen Erem bagyny ýada salýar. Gojaman Köpetdagyň eteginde dörän gür arça tokaýlygy, şaýollaryň, köçeleriň gyralaryna, seýilgählere ekilen dürli baglar ak şähere aýratyn bezeg berýär. Şäheriň ak ýollaryndan ýöräniňde, baglara ideg edip ýören ildeşlerimizi görüp guwanýarsyň. Olar öz zähmeti bilen ýaşaýan ýeriniň abadanlygyny, arassaçylygyny, ekologiýasynyň gowulandyrylmagyny gazanýarlar. Bu — sogap iş. Arassaçylyk — saglyk.

Islendik döwletiň ösen ykdysadyýeti, senagaty, ruhy we medeni gatnaşyklary onuň paýtagtynyň keşbinde açyk-aýdyň görünýär. Çünki paýtagt — döwletiň ýüzi, ýurduň aýnasy. Aşgabadyň gözel keşbini synlap, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ýeten belent derejesine göz ýetirmek bolýar. Ýurduň oba-şäherlerinde üpjün edilýän arassaçylyk, tämizlik bolsa halkymyzyň saglygy, sagdyn nesilleriň ösüp kemala gelmegi babatdaky aladadan nyşandyr.

Keýik UMAROWA.
«Türkmenistan».