Berekediň gözbaşy

13 Aprel 2021
2055

Her damjasy zere deňelýän suwy halkymyz gadym döwürlerden bäri ýaşaýşyň gözbaşy hasaplap, oňa çäksiz sarpa goýupdyr. Onuň bisarpa ulanylmagyna ýol bermändir. Mahmal toprakdan ýokary hasyl almagyň ýollaryny jepakeş pederlerimizden miras galan zähmetsöýerlikden, ene ýere bolan yhlasdan gözleýän halkymyz derde derman suwy uly mukaddeslik hasaplaýar. Şonuň üçin hormatly Prezidentimiz ýygy-ýygydan suw diplomatiýasyna ünsi çekýär. Ýurdumyzyň suw desgalarynda, akabalarda, howdanlarda yzygiderli abatlaýyş we gurluşyk işleri geçirilýär.

Gahryman Arkadagymyz suwuň ähmiýetiniň uludygy barada «Suw — ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi» atly kitabynda: «Bol suwly durmuş hakynda arzuw edip, oňa keramat hökmünde sarpa goýan pederlerimiziň öwüt-ündewlerine, ýol-ýörelgelerine eýerip, biz bu gün jana şypaly mele suwumyzy rejeli peýdalanmak, ýurdumyzyň ekerançylyk ýerleriniň suw üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, täze suwarymly ýerleri özleşdirmek boýunça ägirt uly işleri durmuşa geçirýäris» diýip belleýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda ilatyň maddy hal-ýagdaýynyň gowulanmagy we halk hojalygynyň ösmegi bilen baglylykda ulanylýan suwa bolan isleg barha artýar. Şoňa baglylykda, suw baýlyklarynyň ýerlikli we aýawly peýdalanylmagy, onuň hapalanmagyna garşy giňişleýin köptaraply çäreleriň geçirilmegi zerur wezipeleriň hataryna girýär. «Türkmenistanyň ilatly nokatlaryny arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň baş Maksatnamasynyň» çäklerinde ýurdumyzyň welaýatlarynda suw arassalaýjy zawodlar, suw süýjediji desgalar gurulýar, kämilleşdirilýär. Suw serişdelerini tygşytlamaga ýardam berýän häzirki zaman tehnologiýalary, innowasion ylmy-tehniki işläp taýýarlamalar önümçilige işjeň ornaşdyrylýar.

Gülruh MÄMMEDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.