Ekologiýa sazlaşygy — ömre dowamat

2 Aprel 2021
2151

Ýurdumyzyň ykdysady ösüşini daşky gurşaw bilen sazlaşykly alyp barmaga, ekologiýa taýdan arassa gurşawy döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn we geljegi nazarlaýan ekologiýa syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Netijede, Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, olardan rejeli peýdalanmak, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary, «ýaşyl» ykdysadyýeti, sanly ulgamy ornaşdyrmak, ýurdumyzda we sebitde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi.

Daşky gurşawyň abadançylygyny gazanmakda Zeminiň «öýkeni» hasaplanýan tokaýlaryň ähmiýeti örän uludyr. Olar topragy ýel-ýagmyryň täsirinden gorap, daşky gurşawyň arassalygyny üpjün edýärler. Şonuň bilen birlikde-de, tokaýlar şu günüň wajyp ekologiýa meseleleriniň biri bolan howanyň ählumumy maýylganlygyna düýpli täsir edýän kömürturşy gazyny özleşdirmekde ähmiýetli orna eýedir. Birleşen Milletler Guramasynyň maglumatlaryna görä, soňky 30 ýylyň dowamynda çapylmagy, ýangynlaryň döremegi we beýleki täsirler netijesinde, Ýer ýüzünde tokaýlaryň 178 million gektary ýok bolupdyr.

Jumamyrat SAPARMYRADOW.
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi. Surata düşüren Ýuriý ŞKURIN.