Bag — zeminiň bezegi

9 Mart 2021
1821

Atalarymyzyň ýiti paýhasyndan kemal tapan «Bagy baryň saýasy bar», «Bagy baryň miwesi bar» diýen parasatly jümleler biziň günlerimize gelip ýetdi. Keremli türkmen topragynda eken nahalyň kök urýandygyna, bol hasyl eçilýändigine ak bazarlarymyzy dolduryp, gözüňi dokundyryp duran ir-iýmişleriň dürli görnüşleriniň bolçulygyndan hem magat göz ýetirýärsiň.

Bag — zeminiň zynaty. Hut şonuň üçin bu gün ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek işleri döwlet derejesinde giňden dabaralandyrylýar. Milli Liderimiziň׃ «Türkmenistanyň her bir raýaty daş-töweregimizi gurşap alýan tebigatymyza aýawly garamagy özüniň mukaddes borjy hasaplamalydyr» diýen sözlerinden ugur alyp, ýurdumyzyň ösümlik, haýwanat dünýäsini gorap saklamak, ony ylmy nukdaýnazardan çuňňur öwrenmek we geljekki nesillere ýetirmek möhüm wezipeleriň hatarynda durýar.

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.