Bag bagdyr bezegi, idegi bilen

3 Mart 2021
1784

Geçen ýylyň güýzünde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasynda baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli 25 million düýp bag nahallaryny oturdanymyz ýaňy ýalydy. Köpçülik bolup oturdylan millionlarça düýp saýaly, pürli agaç nahallary bahar paslynyň gelmegi bilen pyntyk ýaryp, türkmen tebigatynyň gözelligine gözellik goşar. Ynha, bu gün bolsa, milli Liderimiz ýene-de bir ajaýyp başlangyja badalga berdi. Ýurt Baştutanymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda uludan bellenilýän beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli 30 million düýp nahal ekmek baradaky döwletli Karara gol çekdi. Bu resminama halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy.

Köpçülikleýin bag ekmek halkymyzyň durmuşynda asylly däpleriň birine öwrüldi. Täze binalaryň düýbi tutulanda we olaryň açylyş dabaralarynda oňa gatnaşanlar tarapyndan bag nahallary oturdylýar. Ýaş çatynjalar durmuş toýuny tutanlarynda ilkinji bag nahalyny oturdýarlar. Munuň özi türkmen tebigatyna gözellik çaýmak, ekologiýa arassaçylygy bilen birlikde ýaşaýşyň dowamat-dowamdygyndan nyşan. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan başy başlanýan döwletli işleriň her biri şeýle çuň many-mazmunly bolup, belli bir maksada gönükdirilendir. Ol asylly işler durmuşymyza giňden ornap, ösüşli ýollar bilen bagtly geljege sary uzaýar. Olaryň arasyndan iň sogaplysy bolsa bag ekmekdir, nesillere ýadygär goýup, dünýäň kitabynda at galdyrmakdyr.

Arzuw RAHMANOWA,
TMÝG-niň Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.