Welosportçynyň sport iýmiti

22 Fewral 2021
1456

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda sport ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Munuň özi sportuň dürli görnüşleriniň hem-de sagdyn-durmuş ýörelgesiniň ilatyň, ylaýta-da ýaş nesliň gündelik durmuşyna has içgin aralaşmagyna ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen welosiped sporty türkmenistanly sport söýüjileriň uly gyzyklanmasyna mynasyp boldy. Döwlet Baştutanymyzyň teklibi bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan her ýylyň 3-nji iýunyny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi. Üstümizdäki ýylda paýtagtymyzda welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmegiň meýilleşdirilmegi welosport söýüjiler hem-de janköýerler üçin ajaýyp sowgat bolar.

Sportuň welosiped sürmek görnüşi adamyň ýaşaýşynda saglygyny dikeltmekde, ömrüni uzaltmakda we dürli keselleriň öňüni almakda wajyp orny eýeleýär. Çünki welosport adamyň ukusyny kadalaşdyrýar, ýürek-damar, dem alyş ulgamynyň keselleriniň öňüni alýar, iýmit siňdiriş ulgamynyň işjeňligini artdyrýar, myşsalaryň tonusyny we gözüň görüjiligini ýokarlandyrýar, adamyň hüşgärligini artdyrýar.

Jumadurdy SOPYÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Sportuň medisina we biologiki taýdan üpjünçiligi» kafedrasynyň dosenti, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.