Halkara ýaryşlara taýýarlyk görülýär

17 Fewral 2021
1501

Ilkinji gezek görýän adam üçin Welotrek sport toplumyndaky kert gaýalaryň aşaklygyna inýän ýollaryny ýada salýan aýlawly wiražlar, polotnolar täsin bolsa gerek. Deňagramlylygy saklamak, eňňitleýin welosiped sürmek, welotrek görnüşlerini ulanmak, hakykatdan-da, ussatlygy talap edýär. Şu günler Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, Türkmenistanyň Welosport federasiýasy hem-de Welosipedçileriň halkara bileleşigi (UCI) bilen bilelikde 2021-nji ýylyň 13 — 17-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Welotrek sport toplumynda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatyna ykjam taýýarlyk görülýär. Toplumdaky türgenleriň welosipedlere ussatlyk bilen erk edişlerini, aşakdan ýokarlygyna ýa-da ýokardan aşaklygyna, welotrek sportunyň lezzetinden ruhlanyp, çalasynlyk bilen hereket edýän türgenleri göreniňde, ýeňşe bolan ynamyň artýar.

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen, dünýäniň sport giňişliginde Watanymyzyň abraýy barha artýar. Hormatly Prezidentimiziň gurduran Olimpiýa şäherçesi häzirki wagtda dünýäniň sport jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Dag howasynyň ruhlandyryjy täsiri astynda geçýän türgenleşikler örän peýdaly. Şular bilen bir hatarda, türgenleşik döwründe ýygyndy toparymyzy tejribe toplamak üçin daşary ýurtlara okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna, halkara ýaryşlara ibermek meýilleşdirilýär.

Aýgül MÄTIÝEWA.