Üstünlikli gadamlar

10 Fewral 2021
1406

Bagtyýarlyk döwrüniň binýady ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda gazanylan üstünlikler, ylym we bilim ulgamynyň kämilleşmegi bilen häsiýetlenýär. Jemgyýetiň ösüşiniň aýrylmaz bölegi hökmünde bilim ulgamy häzirki zaman dünýäsinde ilkinji nobatda ähmiýet berilýän ugurlaryň hataryna girýär. Şeýle ýörelgelerden ugur alyp, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylary şu ýylyň ýanwarynda Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň arasynda geçirilen «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşigine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular, olaryň 9-sy 1-nji, 6-sy 2-nji, 7-si bolsa 3-nji orunlardyr.

Harby okuwçylaryň arasyndan Perman Hudaýnazarow, Azym Bagtyýarow, şeýle hem Resul Babanazarow aýratyn tapawutlandylar. Olar himiýa dersi boýunça iň ýokary görkezijä eýe bolmak bilen, 1-nji orna mynasyp boldular. Şol bir wagtyň özünde geografiýa dersi boýunça ders bäsleşigine gatnaşýan harby okuwçylar Ataberdi Ataberdiýew we Dawut Ismailow ýokary görkeziji gazandylar, şeýle hem birinjileriň hataryna biologiýa dersi boýunça harby okuwçy Ybraýym Guwançmuhammedow, fizika dersi boýunça Yslam Sahatow, taryh dersi boýunça Yhlas Şirmetow we Meýlis Annanazarow goşuldylar.

Oraztagan AMANTAGANOW,
TGM-niň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň okuw bölüminiň müdiri, maýor.