Bagtyýarlygyň goşa ganaty

29 Ýanwar 2021
1923

Ynam — uly güýç. Ynam — söýgi hem-de ganatdyr. Ynsan gatnaşyklary-da birek-birege bolan ynamdan başlanýar. Ynamyň ýok ýerinde gatnaşyk hem, ösüş hem ýok. Iki adamyň özara ynamyndan dostluk döreýär. Dost bolsa seniň ikinji özüňdir. Bir zähmet toparynda işleýän adamlaryň birek-birege bolan ynamynyň hemişe üstünlige we öňegidişlige getirýändigi hakykat.

Halkymyzyň şöhratly taryhyndan hem göz ýetirişimiz ýaly, ynam gatnaşyklaryň sazlaşykly dowam etmeginde ilkinji zerurlyk hökmünde ýüze çykýar. Bu halklaryň, milletleriň, döwletleriň mysalynda hem şeýledir. Özara ynanyşmak arkaly ýola goýulýan sazlaşykly hyzmatdaşlyk gatnaşyklary oňyn netijeleri bilen öz-özünden dowam edýär gidiberýär. Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän parahatçylyksöýüjilikli içeri we daşary syýasatynyň özeni hem halk bilen Watanyň jebisligini pugtalandyrmaklyga, güneşli Diýarymyzda bagtyýarlygy, ynamdarlygy we abadançylygy üpjün etmegiň bähbidine gönükdirilýär.

Merjen KADYROWA,
ýörite habarçymyz.