Sport–saglyk, ruhubelentlik, dostluk

29 Ýanwar 2021
2015

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli rowaçlyklaryň, belent sepgitleriň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimiz şahsy göreldesi bilen watansöýüjiligiň we sagdyn durmuş ýörelgesiniň belent nusgasyny görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ýaş nesliň sowatly, watanperwer, kämil ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýän şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin amala aşyrýan giň göwrümli we aýdyň maksatly işleri, oňyn özgertmeleri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň» ýylynda öz ajaýyp netijelerini berýär. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary hem wagyzçysy bolan hormatly Prezidentimiz adam, onuň saglygy we abadançylygy baradaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň derejesine ýetirdi. Şonuň netijesinde bedenterbiýe we sport bilen köpçülikleýin meşgullanmak ýurdumyzyň raýatlarynyň, esasan-da, ýaş nesliň gündelik durmuş kadasyna öwrüldi. Çünki, ruhubelentlik, belent ahlaklylyk, kämil bilim we dury akyl saglykdan gözbaş alýar.

Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Diýarymyzda alnyp barylýan içeri we daşary syýasatda, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda parahatçylygyň, abadançylygyň ilçisi bolan sportuň hem-de sport diplomatiýasynyň möhüm orny bardyr. Parahatçylygyň, dostlugyň kepili bolan sport ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlyklar barha giň gerime eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň Diýarymyzda bedenterbiýäni hem-de sporty giňden wagyz etmek we ösdürmek, döwrebap kämilleşdirmek baradaky görkezmelerinden, tabşyryklaryndan ugur alyp, sagdyn, ruhubelent ýaşlary taýýarlamak boýunça toplumlaýyn işler ylmy esasda durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýöriteleşdirilen, olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdepleri hereket edýär. Milli türgenlerimiziň halkara giňişliginde ajaýyp ýeňişleri gazanmagy, türkmen sportunyň nyşanyny belende galdyrmaklary üçin ähli şertler döredilýär.

Allaberdi SAPAROW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory.