Garynjalar — peýdaly jandarlar

20 Ýanwar 2021
2783

Halkymyz bu jandarlary zähmetsöýerligiň, agzybirligiň, güýçlüligiň nyşany hasaplaýar. Muňa «Garynja gara günde...» diýilmegi hem şaýatlyk edýär. Eýsem, müçesi kiçi bolsa-da, öz agramyndan ep-esli agyr ýüki göterip, gije-gündiz gars kakyp ýören jandarlar hakynda nämeleri bilýäris?

Biziň ýurdumyzda garynjalaryň 107 görnüşi duşýar. Olaryň 52-si daglarda we dag-eteklerinde, 29-sy derýalaryň jülgelerinde, 26-sy bolsa çöllük ýerlerde duş gelýär.

Şemsiýe BABAJANOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň biologiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň uly mugallymy, pedagogika ylymlarynyň kandidaty.