Baky nebisjeň (Türkmen halk ertekisi)

18 Ýanwar 2021
2512

Bir bar eken, bir ýok eken, gadym zamanda bir çopanyň bäş sany ogly bar eken. Bu oglanlaryň dördüsi çopanyň özi ýaly elaçyk, göwnaçyk ýigit bolup ýetişipdir. Olaryň bäşinjisi bolsa husyt, nebsiniň ugrunda hallan atyp ýören ýigit bolup çykypdyr. Onuň gylygyndan heder eden çopan: «Doganlaryna bir kösti ýetmesin» diýip, ony ur-tut öýeripdir-de, öýüni aýrypdyr. Bu oglanyň ady Baky eken.

Baky atasynyň beren dört sany dowarynyň sanyny bir ýylda on bäşe, iki ýylda otuza, bäş ýylda ýüze ýetiripdir. Onuň küýi-köçesi baýlyk toplamak bolupdyr. Il ýaly ne iýipdir, ne-de geýipdir. Şeýdip, elli ýaşa ýetende, bäş süri goýnuň eýesi bolupdyr. Il-gün her kimiň gylygyna görä lakam goýýar. Bakynyň adynyň yzyna hem ol entek otuz ýaşyna ýetmänkä, «nebisjeň» diýen lakamy tirkäpdirler.