Bagtyýarlygyň ak ýoly

24 Dekabr 2024
114

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýyllarymyz şan-şöhrata beslenýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şygary astynda geçýän 2024-nji ýylyň şanly ösüşleri we wakalary hem şeýle diýmäge esas berýär.

Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçysy hökmünde, ilkinji nobatda, tamamlanyp barýan şanly ýylymyzda döwletimiziň migrasiýa ulgamyndaky syýasatynyň rowaçlanýandygyny alamatlandyrýan wakalar barada guwanç bilen belläsim gelýär. Şeýle wakalaryň biri-de, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygynyň uludan toýlanylýan günlerinde Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan pasportlary gowşurmak dabarasy boldy. Bilşimiz ýaly, şol şanly günlerde hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan, 29 milletiň wekili bolup durýan 1 müň 146 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Mundan başga-da, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň degişli Kararyna laýyklykda, 6 döwletiň raýatlary we 15 milletiň wekilleri bolup durýan 134 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalar berildi. Bu zatlar Birleşen Milletler Guramasynyň «Bosgunlaryň hukuk ýagdaýy hakynda», «Apatridleriň derejesi hakynda», «Raýatsyzlygy azaltmak hakynda» Konwensiýalaryna goşulan hemişelik Bitarap Türkmenistanyň öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygynyň görkezijileridir.

Döwranbek RAHIMOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Ahal welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, leýtenant.