Berjaý edilmeli düzgünler

24 Dekabr 2024
76

Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli geçirilýän köpçülikleýin çärelerde ýangyn howpsuzlyk düzgünleri doly berjaý edilmelidir. Şol ýerlerde nobatçylygy geçirjek ähli işgärler bilen ýangyn howpsuzlyk çäreleri we ýangyn dörände çagalarydyr adamlary jaýdan çykarmagyň guramaçylykly halas ediş işleri barada gözükdirme geçirip, degişli howpsuzlyk kitabyna bellenilmelidir. Köpçülikleýin çäräniň geçirilmegine jogapkär işgärler çäre başlamazdan öň, ähli otaglary, ätiýaçlyk çykalgalary barlap, ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň talaba laýykdygyna we otaglaryň ilkinji ýangyn söndüriş serişdeleri bilen üpjün edilendigine göz ýetirmelidirler. Ýangyn howpsuzlyk düzgünlerine jogapkär işgärler Täze ýyl baýramçylygynyň geçirilýän senesi we wagty barada ýerli Ýangyn howpsuzlyk bölümine habar bermelidirler.

Jaýlaryň ýokarky örtükleri ýanmaga ukyply bolan binalarda baýramçylyk çäreleri 2 gatdan ýokary bolmadyk jaýlarda geçirilmeli. Täze ýyl arçasynyň gurnalan ýerinden daşaryk ýa-da binanyň basgançaklaryndan çykýan azyndan 2 sany çykalganyň bolmagyny üpjün etmeli. Geçelgeleriň, çykalgalaryň ugurlarynda arça agajyny bezemek gadagandyr. Bezelen arçanyň berk esasda oturdylmagyny üpjün edip, onuň şahalary jaýyň diwarlaryndan bir metrden az bolmadyk aradaşlykda bolmagyny gazanmaly. Binada elektrik yşygy bolmadyk halatynda, oýunlardyr şowhun-şagalaňlaryň diňe gündiz geçirilmegine rugsat bermeli. Arçalary çyra bezegi bilen bezemek işi diňe şol ugurdan işleýän tejribeli elektrik ussasy tarapyndan ýerine ýetirilip, elektrik enjamlaryny guramak düzgünleri dürs berjaý edilmeli.

Ýazmuhammet AKMEDOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň bölüm müdiri.