Munazara žanrynyň folklor çeşmeleri

5 Ýanwar 2021
1694

Hormatly Prezidentimiz gözbaşy uzak asyrlaryň jümmüşine uzaýan milli edebi mirasymyzyň ylmy esasda öwrenilmegine hem-de dünýä ýaýylmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Şonuň netijesinde häzirki döwürde nusgawy edebiýatymyzyň dürli ugurlarynyň ösüşini, çeper mirasyň taryhyny ylmy esasda öwrenmekde uly işler alnyp barylýar. Şeýle işler türkmen edebiýatynyň taryhynda uly orun tutan munazara žanry babatda hem şeýledir.

Iki sany gapma-garşy predmetiň arasyndaky çekişme we jedelden ybarat bolan munazara halk döredijiliginiň köp görnüşlerinde gabat gelýär. Aslynda, türkmen bagşyçylyk sungatyndan başlap, halk döredijiliginiň şadessan, dessan, şygyr ýaly görnüşlerine çenli munazaranyň aýdyşyk, gapma-garşy pikirleriň çaknyşygy ýagdaýynda gelşini görmek bolýar. Olaryň öz ýüze çykyşlaryna laýyk aýratynlyklary saklanyp galypdyr. Iki garşylykly aňlatmalar adamzat ýaşaýşynda, tebigat we haýwanat dünýäsinde, umuman, durmuşda hemişe duş gelýär. Meselem, gije we gündiz, ak we gara, Aý we Gün, Ýer we Gök, ata we ogul, ajy we süýji.

Hydyrguly GYLYÇHANOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň kafedra müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.