Sazlara siňen altyn güýz

21 Noýabr 2024
366

Güýz pasyllaryň iň köpöwüşginlileriniň biri. Güýzi suratlandyranymyzda, ilki bilen, mämişi ýapraklardan altyn mahmal düşelen seýil baglar göz öňüne geler. Şol bir wagtyň özünde-de irginsiz ýagýan ýagyşdan ýaňa töwerek-daşyň hereketi azalýan içgysgynç günlerem ýadyňa düşer. Güýzüň adamlara täsir edişi-de üýtgeşik. Biri üçin ol döredijilik ylhamynyň joş urýan pasly. Ýazyjy-şahyrlaryň, suratkeşleriň arasynda: «Tä güýz tamamlanýança, ylham golaýyma gelenok» diýýänlerem az däldir. Ýöne güýz paslynyň dünýä sungatynda ajaýyp eserleriň ençemesiniň döremegine sebäp bolandygy welin hakykat. Biz hem şeýle saz eserleriniň käbirini ýatlap geçmegi makul bildik.

Antonio Wiwaldiniň «Güýz» eseri. Italýan sähralarynda myhman bolan altyn güýzi ussat kompozitor örän şadyýan saz arkaly beýan edipdir. Bu göwün göteriji sazy diňläniňde, italýan ekin meýdanlarynda hasyl ýygnalýan, bereketden göwni galkynan daýhanlaryň şatlanýan pursatlary göz öňünde janlanýar. Wiwaldiniň meşhur «Pasyllar» tapgyrynyň üçünji konsertiniň «Güýz» sonetiniň awtory doly anyk däl. Ýöne köpler ony Wiwaldiniň özüne degişli hasaplaýarlar.

Taýýarlan Ogulgerek DYNÇ,
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy.