Enä­niň asal çö­re­gi (He­ka­ýa)

3 Oktýabr 2024
467

Leonid Perwomaýskiý,
ukrain ýazyjysy

Öýden çykanymda ýa-da öýe gelýärkäm her gün elleri çörekli adamlary görýärin. Kimsi sebetde, kim örme torbada käşir, ýeralma we gök otlar bilen birlikde çörek alyp barýandyr; olaryň içinde bu zerur nygmaty gazete telli-pelli dolap alyp barýanlary-da duşýar, çöregi gursagyna gysyp gelýän şeýle adamlar üýtgeşik iş edýän ýaly bolup, hamala, täze, içi könelmeýän täzeliklerden doly kitaplary alyp barýan ýalydyr. Bu kitaplaryň gözýaş siňen sahaplaryny gaýta-gaýtadan waraklaýan kysmy, olar ony okap ýadamaýardylar.