Aza­by kän, lez­ze­ti üýt­ge­şik

3 Oktýabr 2024
414

Oglan döwrümiz Geldimämmet aga atly hoşgöwün ýaşuly bilen goňşy oturypdyk. Halkymyzyň meşhur şahyrlarynyň goşgularyny, ertekileri, rowaýatlary ýatdan bilýän ýaşulynyň ogly dostumyz bolansoň, biz olara häli-şindi barardyk. Giň howlynyň töründe goşmaça gurlan bir otagdan hem-de çaklaňja aşhanadan ybarat öýde onuň täsin gürrüňlerini kän diňläpdik. Ýaşuly gürrüňe: «Balalar, indiki aýdyp berjek ertekim uzakda, gaty uzakda ýerleşýän şäherleriň birinde bolup geçipdir. Oňa ýetmek üçin ençeme tokaýdan, ençeme dagdan, ençeme deňiz-derýadan aşmaly eken...» diýen sözler bilen başlardy. Geldimämmet aga, bir görseň, duşmana haýbat atýan batyra, bir görseň, gara ýürekli arabozara, bir görseň, dana goja, bir görseň, hamrak enä, bir görseňem, aýylganç ýolbarsa... öwrülerdi. Onuň hereketlerine biz bilen bile Amantäç eje-de hezil edip gülerdi...

Men çeper terjime, onuň ähmiýeti hakda oýlananymda, oglanlygymdaky şol mähriban öý, şol mähriban ýaşuly ýadyma düşýär. Näme üçin? Geçmişde her bir halkyň beýik şahyry (ýazyjysy) bolup, olar gaýry halklarda dörän ajaýyp eserleri öz dillerine geçiripdirler. Nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili Nurmuhammet Andalybam şolaryň biri. Şeýle hem, aýratyn hukukly adamlaryň ýa-da, aýdylyşy ýaly, baýlygy ýere-göge sygmaýan adamlaryň tabşyrygy boýunça başga ýurtlarda döredilen eserleriň atlary näbelli ezber terjimeçiler tarapyndan öz dillerine geçirilip, golýazma görnüşinde ýaýradylandygyny taryhy maglumatlardan bilýäris. Mundan başga-da, halk arasyndan zehinleri orta haldaky terjimeçileriňem çykyp, olaryň, öz ýagdaýlaryna görä, uly göwrümli eserlere ýapyşjak bolman, diňe gysgajyk ertekileri, rowaýatlary, tymsallary dil üsti terjime edip, golaý adamlaryna aýdyp beren bolmaklary ähtimaldyr. Belki, soňra şol eserleriň köpüsi agyzdan-agza geçip, «ençeme tokaýdan, ençeme dagdan, ençeme deňiz-derýadan» aňyrda ýerleşen şäherlerdir obalarda bolup geçýän gyzykly wakalar Geldimämmet aga ýaly rawylar tarapyndan ussatlyk bilen syntgylana-syntgylana, biziň milli halk döredijilik eserlerimize öwrülip gidendir (Türkmen, gazak, özbek, azerbaýjan, gyrgyz... halk döredijilik eserleriniň köpüsiniň biri-birine meňzeş bolmagy şu ýagdaýdan habar bermeýärmi näme?). Şeýle nukdaýnazardan çemeleşilende, islendik halkda çeper terjime iki ugur: ýazuw üsti hem-de dil üsti bilen gaýdan ýaly bolup dur...

Amanmyrat KIÇIGULOW,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Burnebitgazhyzmat» müdirliginiň hünärmeni, terjimeçi