Kämil usullardan peýdalanmak

15 Sentýabr 2024
583

Mugallym bilen okuwçynyň, okuwçy bilen ene-atanyň, ene-ata bilen mugallymyň arasyndaky gatnaşyklaryň kämil derejede bolmagy has zerur hasaplanylýar. Biz muny pedagogikanyň esaslaryna salgylanyp aýtsak, özara gatnaşyklaryň berkäp, möhüm ähmiýete eýe bolýandygyny durmuş tejribesinden göz ýetirýäris. Geljegimiz bolan ýaş nesliň terbiýesi baradaky alada biziň her birimiziň mukaddes borjumyz bolup durýar.

Mugallym ýaş nesliň bilimli, terbiýeli, hünärli bolmagy barada örän çynlakaý alada edýär. Mugallymyň yhlas-aladasynyň ýerine düşmegi üçin ýaşlaryň okuwda, jemgyýetçilik ýerlerinde özlerini göreldeli alyp barmaklary gerek. Munuň üçin ene-atalaryň pent-nesihatlary, görüm-göreldesi zerurdyr. Nesil terbiýesi her bir ene-atadan uçursyz zähmeti we yhlas-aladany talap edýär. Biz ene-atalar, jemgyýet bilen geljegimiz bolan ýaşlary terbiýeleýäris. Şonuň üçin ýaşlaryň terbiýesi, edep-ekramy, okuwlaryna ýetişigi esasy orunda durýar.

Sapargül BABAÝEWA,
Köýtendag etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy.