«Ilkinji jaňyň» owazy

4 Sentýabr 2024
434

1-nji sentýabrda Arkadag şäherindäki ýokary, ýörite orta hünär okuw we umumybilim berýän mekdepleriň hem-de çagalar baglarynyň gapysy giňden açylyp, Bilimler we talyp ýaşlar gününiň baýramçylyk dabarasy uly joşguna beslendi.

Ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň ajaýyp binalary, giň şaýollary, seýilgähleri bu toý gününde örän owadan keşbe eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen gurlup ulanmaga berlen Arkadag şäherindäki bilim ojaklarynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen ilkinji okuw sapagy geçirildi. Säher bilen mekdeplere we çagalar baglaryna ilkinji ädimlerini ätlän elleri gül desseli çagalary mugallymlar güler ýüz bilen garşyladylar. Baýramçylyk dabaralarynyň dowamynda bilim işgärleri hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş etdiler.

Ejegül ÖWEZGELDIÝEWA,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň kafedra müdiri.