Demir ýol infrastrukturasyna gönükdirilen maýa goýumlary, Türkiýede demir ýol eksportyny 13 % ýokarlandyrdy

26 Awgust 2024
455

Ýylyň ilkinji ýedi aýynda Türkiýe demir ýol arkaly iberilýän eksport mukdaryny geçen ýyl bilen deňeşdirilende 13% artdyryp, ýagny 1,2 million tonna çenli artdyrdy - bu barada transport we infrastruktura ministrligi habar berdi we bu ösüşiň milli demir ýol infrastrukturasyny ösdürmek boýunça ägirt uly tagallalar bilen üpjün edilendigini belledi.

Ministrligiň habaryna görä, demir ýol eksportynyň 86% paýtagt sebitinden we goňşy welaýatlardan iberilýär. Türkiye her gün azyndan 8 ýük otlusyny Ýewropa iberýär. Eksport gurluşynda esasy önümler awtoulag ätiýaçlyk şaýlary, dokma önümleri, azyk önümleri, elektron önümleri, himiýa önümleri, sement we gurluşyk materiallarydyr.