Baharda çyksaň seýrana...

2 Maý 2024
1313

Ahal welaýatynyň Sarahs etrabyna döredijilik saparymyzyň ýaz paslyna gabat gelmegine az begenmedik. Baharda bu mekanyň has gözel keşbe girýändigini eşiden bolsak-da, edil ýaza gabatlap baryp görmändik. «Bu ýyl, tüweleme, ýagyş kemini goýman ýagdy. Diýmek, meýdan otlary, gül-gülälekler «gulagyndan çekilen ýaly» bolup, Bathyz düzlügini läle-reýhan edendir» diýen oý-hyýallary serimizde aýlap, fotohabarçy Meretdurdy Rozyýew bilen Sarahs etrabyna tarap ýola düşdük. Maksadymyz ilki bu toprakdaky taryhy hem keramatly ýerlere zyýarat edip, soňra Bathyz düzlüginiň gözel ýerlerine aýlanmakdy. Bu şeýle-de boldy.

Ilki zyýarat...

Keýik UMAROWA.
«Türkmenistan». Surata düşüren Meretdurdy ROZYÝEW.