Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramakda, keseliň öňüni almakda we wagtynda bejermekde uly işler durmuşa geçirilýär. Tebigatyň ýabany jandarlarynyň dişlemegi sebäpli döreýän guduzlama keseli durmuşyň nogsanlyklarynyň biri hasaplanýar. Guduzlama keseline lukmançylykda «suwdan gorkma keseli» hem diýilýär. Guduzlama ýa-da «suwdan gorkma keseli» aýratyn howply ýokanç keseldir. Ol adama, esasan-da, guduzlan itleriň we beýleki haýwanlaryň agyzlaryndaky sülekeýlerindäki kesel dörediji wiruslar arkaly geçýär.
Guduzlama keseliniň başlanmagynyň esasy alamatlaryny we şol itleriň bolşunyň aýratynlyklaryny bilmek zerurdyr. Itlerde bu kesel bilen kesellemegiň gizlin döwri ýa-da inkubasion diýilýän döwri 10-15 günden 2-3 aýa we mundan-da köp aýa çekýän aralykda üýtgäp durýar, keseliň dowamlylygy bolsa adatça 3-6 güne çekýär.