Köýtendag gözellikleri

12 Mart 2024
1211

Eziz Diýarymyza bahar pasly geldi. Baharyň jana hoştap howasy, adaja öwüsýän şemaly her bir ynsana ýakymly täsir edýär. Şeýle hem bahar pasly tebigatyň janlanýan, gözel keşbe eýe bolýan döwrüdir. Şeýle ajaýyp gözelligi ýurdumyzyň owadan künjegi bolan Köýtendagda hem görmek bolýar.

Köýtendag döwlet goraghanasynyň merkezi bagyndan üç kilometr uzaklykda ýerleşýän Hojagarawul deresi hem örän täsindir. Şonuň üçin hem ol ýerden guşlar barada käbir ylmy maglumatlary almak mümkin. Baharyň ýürekleri joşa getirýän wagty haýwanlar hem ikiýana at salýarlar, ähli zat hereketde. Bahar otlarynyň ýüzlerçe görnüşi dag eteklerinde we derelerde ösüp, dürli güllere bürenýärler. Dürli otlaryň daş-töwerege ýaýradýan ysy bark urýar. Bularyň hemmesi türkmen tebigatynyň ajaýyp gözelligidir.

Jorakul RAHMANOW,
geografiýa ylymlarynyň kandidaty, tebigatşynas.