Mäne babaly hekaýatlar

19 Ýanwar 2024
1766

Birinji hekaýat

Agyzdan-agza geçip gelen rowaýata görä, ol (Mäne baba) şeýle diýen: «Gurhany Kerimi öwrenýän döwrümde bir gün kakam: «Ertir seniň bilen halypanyň ýanyna gitmeli» diýdi. Men Gurhany Kerimi öwredýän başky mugallymymyň ýanyna baryp: «Ertir meni kakam başga halypanyň ýanyna äkidýär» diýdim. Ol şonda: «Mübärek bolsun!» diýip doga etdi we: «Şu pendimi hiç wagt unutma, göz açyp-ýumasy salym Allanyň yşkynda bolmak hem Gün bolup Ýer ýüzüne nur çaýan ýalydyr» diýdi.

Muhammet ibn Münewwer Meýheniniň «Mäne babanyň keramatlaryndan we halatlaryndan hekaýatlar» atly kitabyndan.