Gyzgynlyga ukyply ýeňilleşdirilen tamponaž kompozisiýasyny işläp düzmek

15 Ýanwar 2024
1682

Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ösüşine uly üns berýän hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda täze açylýan iri ýataklaryň uglewodorod serişdeleriniň özleşdirilişiniň depginini çaltlandyrmak üçin toplumyň işgärleriniň öňünde uly wezipeleri goýdy.

Uglewodorod serişdelerini çykarmaklygy artdyrmagyň ileri tutulýan ugurlary «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» öz beýanyny tapdy. Şol maksatnama laýyklykda, tebigy gorlary özleşdirmekde 2030-njy ýylda nebitiň gazylyp alnyşynyň derejesini bir ýylda 110 million tonna, gazyň çykarylyşyny bolsa ýylda 250 milliard kub metre ýetirmek göz önünde tutulýar. Bu sepgitlere ýetmek üçin nebitgaz pudagynyň önümçiligine dünýäde ylmyň iň soňky gazanan öňdebaryjy tehnologiýalaryny we tehnikalaryny ornaşdyrmak zerur bolup durýar. Şonuň bilen baglylykda, nebit we gaz guýularyny burawlamaklyga, esasan hem, olaryň sütünlerini berkitmeklige degişli ylmy-tehniki işleriň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly üns bermeli bolýar.

Begli HALIÝEW,
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň uly ylmy işgäri.