Türkmen okyjylary tanymal gruzin ýazyjysy we şahyry, terjimeçisi Grigol Abaşidzäniň ömri we döredijiligi bilen ozaldan tanyşdyr. Dürli ýyllarda gruzin halkynyň şan-şöhratly geçmiş taryhy barada gürrüň berýän «Laşarela», «Uzaga çeken tümlük» atly romanlary hem-de ýazan goşgularydyr poemalary dünýä halklarynyň dillerine terjime edildi. 1980-nji ýylda Grigol Abaşidzäniň «Uzaga çeken tümlük» atly romany belli ýazyjymyz Şadurdy Çaryýew tarapyndan türkmen diline terjime edildi. Bu taryhy romanda Muhammet Jelaleddin Türkmeniň Gruziýa garşy eden söweşi çeper keşpler arkaly gürrüň berilýär. Golaýda Grigol Abaşidzäniň gyzy Toliýa kakasynyň maşgala arhiwinde saklanylýan golýazmalaryny hem-de ol baradaky ýakymly ýatlamalaryny redaksiýamyza iberdi.
— Kakam Grigol Abaşidze köp öwüşginli zehiniň eýesidi. Ol isle kyssa, isle-de şygryýet tapawudy ýok, okyjylaryň köňüllerine ýol açýan ajaýyp eserleri döretmegi başarýan ýazyjy hem-de şahyr hökmünde daşary ýurtlarda-da giňden tanaldy. Gruzin halkynyň taryhy bilen içgin gyzyklanmagy onuň ýazyjy hökmünde uly üstünlik getiren eserlerini döretmegine sebäp boldy. Islendik halkyň taryhy onuň kemala gelmegine hem-de uly ösüşleri başdan geçirmegine täsir edýär. Gruzin halky hem öz uzak asyrlyk taryhynyň dowamynda biri-birinden çylşyrymly wakalary başdan geçiren halklaryň biridir.