Mälim bolşy ýaly, okyjylarymyza žurnalymyzyň geçen sanlarynda «Terjimeli söhbetler» ady bilen terjimede türkmen dilini şowly ulanmak hakynda ähmiýetli gürrüňdeşligimizi hödürläpdik. Ine, şol dowamly gürrüňimiziň yzyny «Dünýä edebiýatynyň» okyjylaryna ýetirmegiň wagty geldi diýip hasap edýäris. Biz bu söhbedimizde «Mugallymlar gazeti» gazetiniň baş redaktory Söhbet Nurberdiýewe terjime we ene dilimiz bilen bagly birnäçe sowallar arkaly ýüzlenmekligi makul bildik.
— Söhbet, sözleriň polisemiýasy, sinonimiýasy we antonimiýasy bilen bagly kategoriýalary milli terjimede ulanmak hakdaky pikirleriňi bilmek isleýäris.