He­mi­şe­lik ýa­nyň­da­ky baý­ram (Ýat­la­ma ro­man)

11 Awgust 2023
563

Giriş

1956-njy ýylyň noýabrynda Pariždäki «Rits» oteliniň ýolbaşçylary Ernest Hemingueýi 1928-nji ýylyň martyndan bäri özlerinde saklanylan iki sany kiçijik sandyjagy alyp gitmäge yrdylar. Ol sandyjaklarda Hemingueýiň Parižde bolan ilkinji ýyllarynda ýatdan çykaryp giden kyssa eserleriniň basma ýazgylary, «Günem dogar» diýen romany üçin ýygnalan maglumatlar ýazylan ýandepderçesi, kitaplar, gazetlerden gyrkyndylar, köne geýimleri bardy. Bu gymmatly ýüki Kubanyň Finka diýen ýerindäki öýüne ýollamak üçin, Ernest aýaly Meri bilen Atlantikanyň üstünden gatnaýan «Il-de Frans» gämisinde ýüzüşe ugramazlaryndan öň, «Lui Wýuitton» şereketiniň ullakan gämi sandygyny satyn aldylar. Men bu sandygy çokundyran enekäm Meriniň Nýu-Ýorkdaky öýünde görüpdim. Gönden ýasalan, burçlary mis bilen çeňklenen, «Lui Wýuitton» şereketiniň mesaňa bolup duran at ýazgysy we Hemingueýiň adynyň, familiýasynyň «EH» şekilinde güberçek altynsow baş harplary ýazylan bu kaşaň sandyk häzir hem göz öňümde. Sandyk şeýlebir uludy welin, men onuň içine aňsatja ýerleşjekdim. Oňa seredip, atamyň başdan geçirmelerden doly, gyzykly durmuşy ýaşandygyna göz ýetirýärdim. Hemingueýde Parižde bolan ilkinji ýyllary hakynda ýazmak isleginiň dörändigi bolup biljek zat. Bu isleg, mysal üçin, 1954-nji ýylda Afrikada bolan gutulgysyz uçar heläkçilikleriniň yzysüre, saglygyny bejerden döwürlerinde dörän bolmagy hem ahmal. Ýöne bu maglumatlar bilen täzeden tanyşmagy, işiň ilerlemegine itergi berýär. Ýagny Parižde geçiren ilkinji ýyllary hakynda ýazmak islegi onuň ýazyjy hökmünde kemala gelen döwründen, «ýatlamalara ýüzlenmesi» görnüşinde döreýär. 1957-nji ýylyň tomsunda ol özüniň «Pariž ýazgylary» diýip atlandyran işini ýazyp başlaýar. Onuň üstünde Kubada, Ketçumde işleýär. Hatda ol işi 1959-njy ýylyň tomsunda Ispaniýa, şol ýylyň güýzünde bolsa Pariže hem alyp gidýär. 1959-njy ýylyň noýabrynda Hemingueý işini tamamlap, onuň girişiniň we soňky babynyň ýetmeýän garalama nusgasyny «Skribners» neşirýatyna çapa tabşyrýar. Dünýäden ötensoň, 1964-nji ýylda çap edilen «Hemişelik ýanyňdaky baýram» eseri ýazyjynyň 1921―1926-njy ýyllarda Parižde ýaşan döwri barada gürrüň berýär. Ünsli öwrenilende «Hemişelik ýanyňdaky baýram» kitabynda irki golýazma maglumatlarynyň, çak edişiňden az ulanylandygy görünýär.

Rusçadan terjime eden Agamämmet ÝAZMYRADOW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty